Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Magtymguly Pyragy adyndaky medeni dynç alyş bagynda aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaraly çäre Baýramaly etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi hem-de etrabyň iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri hem-de bagtdan paýly bagtyýar ýaşlaryň ençemesi gatnaşdylar.
Aýdym-sazly dabaranyň başynda joşgunly çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe, 2013-nji ýyldan bäri geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligine bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaraly biziň welaýatymyzda hem uly ruhubelentlige beslenýändigi barada buýsançly gürrüň edildi. Soňra dabaraly çäre etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Ata Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşleri wasp edýän, Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan hem-de şahyryň goşgularyna döredilen aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Şirin aýdydyr sazlar, ýerine ýetirilen joşgunly tanslar köňüllere toý şatlygyny paýlady.
Dabaranyň dowamynda milli medeniýetimize we sungatymyza çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Hallygözel KERWENOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.