ÄTIÝAÇLYK-HOWPSUZLYGYŇ GIREWIDIR

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň arasynda «Ýaşyl yşyk» atly bilen bäsleşik geçirildi.

     Bäsleşikde biraýlygyň ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň raýatlaryň saglygy, ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän taýsyz tagallalary barada edilen çykyşlar diýseň täsirli boldy. Zehinlije körpeleriň gözel tebigatymyzy, ýol hereketini wasp edýän goşgudyr aýdymlary, geçelgeden geçmeklik üçin şertli belgileri esasynda geçmelidigi dogrusynda eden çykyşlary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

     Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Abat MÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 79 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 68 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 55 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT