KÖRPELERE ÝOL HEREKETINIŇ KADALARY ÖWREDILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde 2-nji çagalar bagynda terbiýelenýän Mekdebe taýýarlaýyş toparyň arasynda, körpelere ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmek maksady bilen, «Ätiýaçlyk – howpsuzlygyň girewidir» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

     Çärede körpelere ýol hereketiniň kadalary, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri, herekete gatnaşyjylaryň borçlary, ýol hereketinde ýüze çykýan näsazlyklarynyň öňüni almak, ýol belgileriniň ähmiýeti dogrusynda oýunlar, şekiller arkaly düşünje berildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar adam saglygyny hemişe üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirdiler!

 

Bagtyýar MATDYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 79 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 68 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 55 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT