EDEP-ALTYN, TERBIÝE-HAZYNA

     Golaýda Esenguly etrap medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap zenanlar guramasy bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Edep-altyn, terbiýe-hazyna» ady bilen geçirilen bu çärä etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gyz-gelinler gatnaşdylar.

     Duşuşykda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, jemgyýetiň bagtyýarlygy, döwletiň berkararlygy ýaş nesle maşgalada berilýän terbiýä baglydyr. Çünki ýaş nesillere berilýän terbiýäniň özeninde milli we asylly ýörelgelerimiz saklanyp galýar. Çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milliligimize, asylly däp-dessurlarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Abat MÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 79 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 68 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 55 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT