Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz eşretli, parahat zamanada ýaşaýar. Bu ajaýyp döwrüň gadyr-gymmatyny bilip, şeýle berkarar döwletiň mynasyp perzentleri bolmak, Watanyň ösüşlerine goşant goşmak dogrusynda ýaşuly nesliň wekilleriniň ýaşlara berýän öwüt-nesihatlary, durmuş ýollary ýaşlar üçin nusgalyk görelde mekdebidir. Ömürlere ömür goşýan ajaýyp zamanamyza buýsanyp ýaşaýan, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ilkinji günlerinde 1 asyrlyk ömri arka atan, geçen asyryň agyr günlerini başdan geçiren ildeşlerimiziň biri hem, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň ýaşaýjysy, uruş weterany Köşek Soltanmyradowdyr. Geçen asyryň 1941 – 1945-nji ýyllarynda bolup geçen Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan goja weteran il-günüň hormatlaýan adamsy.
Golaýda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Köşek aganyň 100 ýaşyny gutlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi Daşoguz welaýat teleradio studiýasy bilen bilelikde, goja weteran bilen duşuşyk çäresini gurady. Duşuşykda Köşek aga özüniň geçen söweş ýoly, gazanan ýeňişleri, häzirki parahat döwrümiziň eşretleri barada täsirli gürrüňleri berdi. Köşek aga ýaşlara mukaddes ene topragymyzyň her bir daban ýerini gözümiziň göreji deýin gorap saklamaklygy öwüt-ündew etdi. Goja weteran halkymyzy gün kimin çoýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyşlaryny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda etrabyň Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň dessançy bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde hormatly Prezidentimizi, eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, eşretli zamanamyzy wasp edýän şirin owazly aýdymlar ýaňlandy.
Parahat SABIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň Gubadag
şäher bölümçesiniň baş hünärmeni.