SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi hem-de “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýaty bölümi bilen bilelikde Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirlen 65-nji orta mekdebinde “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşyny geçirdi. Her ýylyň aprel aýynda bellenilip geçirilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çärelerini guramak, okuwçy ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň spotuň futbol görnüşine bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen guralan sport ýaryşyna etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy oglanlardan düzülen toparlar gatnaşdy. Ýetginjekleriň arasynda geçirilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryşa jemi ýedi topar gatnaşyp, aýlaw görnüşinde ýaryşdylar. Çekeleşikli ýagdaýda geçen sport ýaryşlary ýeňiji toparlary ýüze çykardy. Ýaryşyň jemi jemlenende 1-nji orna etrabyň 7-nji orta mekdebiň topary, 2-nji orna 47-nji orta mekdebiň topary, 3-nji orna 20-nji orta mekdebiň topary mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Begenç GARAMURADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN