Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň 2-nji çagalar bagynda «Eneleriň göreldesi – nesilleriň ýörelgesi» ady bilen gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda milli el işleri wagyz etmek maksady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi hem-de sergi guraldy.
Asyrlarboýy dowam edip, ene-mamalarymyzdan miras gelýän milli el işleriň sergisi uly gyzyklanma döretdi. Taýýarlanyp görkezilen el işleriň ähmiýeti, nagyşlaryň döreýşi barada berlen gürrüňler diýseň täsirli boldy. Duşuşyga gatnaşanlar milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi ösüp gelýän nesillere ýetirmekde, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Zübeýda GURTÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.