MAŞGALA AGZYBIRLIGI — DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramagynda, ýaşlaryň arasynda agzybirligi gazanmak hem-de maşgala mukaddesligine bolan söýgi döretmek maksady bilen ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda «Maşgala agzybirligi — döwletliligiň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler gelin-gyzlarymyza mahsus bolan asyllylyk, päkizelik, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak, şeýle-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gültäç ALYHANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 10 okalan

BUÝSANJYMYZA BUÝSANÇ GOŞÝAR

01 Sentýabr 2025 | 4 okalan

OŇYN ÖZGERTMELER ROWAÇLANÝAR

01 Sentýabr 2025 | 3 okalan

KALPLARDA WATAN MUKADDES