Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramagynda etrap medeniýet öýüniň mejlisler zalynda edara-kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – ýaşlaryň ýol-ýörelgesidir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriň üsti bilen ýaşlarda watançylyk duýgusyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda çykyş edenler adamkärçilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, dostluk-doganlyk, dogruçyllyk ýaly birnäçe asylly häsiýetler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli Medeniýetimizi gorap saklamakda, ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsunlaryny aýtdylar!
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.