SAGLYK — ABATLYK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda Gyzylarbat etrabynyň Sport desgasynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Saglygym — begligim» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda ýurdumyzda giň göwrümli işleriň alnyp barylýandygy, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaş nesillerimiziň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri üçin sport desgalarynyň, sport mekdepleriniň açylyp ulanylmaga berilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nury NURYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.

 

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 37 okalan

BUÝSANJYMYZA BUÝSANÇ GOŞÝAR

01 Sentýabr 2025 | 21 okalan

OŇYN ÖZGERTMELER ROWAÇLANÝAR

01 Sentýabr 2025 | 19 okalan

KALPLARDA WATAN MUKADDES