WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumda zähmet çekýän ýaş dokmaçylaryň gatnaşmagynda maşgala mukaddesligi barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýaşlary maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ýaş nesillere ula hormat goýmak kiçini söýmek ýaly asylly däpleri öwretmek, ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Allanazar TÄÇMYRADOW,

Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 29 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 37 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI