Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, mekdep okuwçylaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda täze döwrebap bilim ojagy bolan 40-njy orta mekdebi açylyp ulanylmaga berildi. Bu mekdebiň iri bilim ojaklarynyň arasynda mynasyp orun aljakdygyny bellemek gerek. Açylyp ulanylmaga berilen mekdep türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilip, okuwçylaryň 720-sine niýetlenendir. Mekdebiň içinde ýörite iş otaglary, naharhana, mejlisler jaýy, üsti açyk we ýapyk sport desgalary we beýleki kömekçi binalar bar.
Ýaş nesilleriň kämil bilim almaklary, ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekleri, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döredip berýän ähli şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutymly işleri rowaçlyklara beslensin.
Rüstem MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.