MERKEZI AZIÝA — PARAHATÇYLYKLY ÝAŞAÝŞY GURMAGYŇ GIŇIŞLIGI

Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýän daşary syýasy başlangyçlary parahatçylygy berkitmek, dawa-jenjelleriň öňüni almak, diňe bir dünýäde däl, eýsem sebitde halkara hyzmatdaşlygy özara düşünişmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitleri gorap saklamak ýaly ýörelgelere gönükdirilen. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow dünýä halklarynyň arasynda özara ynamy berkitmek maksady bilen, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň we Siwilizasiýalar bileleşiginiň howandarlygynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, şol sanda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirilmegini teklip edilýändigini belledi. Bu sammitiň netijesinde ählumumy we döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň meselelerini bilelikde çözmek ýörelgeleriniň esasyny düzýän «Halkara ynanyşmak kodeksini» işläp taýýarlamaga çagyryş beýan ediler.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Merkezi Aziýada parahatçylyk zolagynyň emele gelmegi sebitiň ýurtlary tarapyndan döredilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň institusional we hukuk binýadynyň netijesinde mümkindir.  Bu sebitde sanalgy ýyllaryň dowamynda bolup geçen taryhy wakalary ýatlasak, 2006-njy ýylda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat sebiti döretmek barada Şertnamasyna gol çekilmegi, şeýle hem 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegini görkezip bileris. 

Hormatly Prezidentimize hödürlenen teklip esasynda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň we Siwilizasiýalar bileleşiginiň howandarlygynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, şol sanda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitiniň geçirilmegi, sammitiň netijesinde ählumumy we döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň meselelerini bilelikde çözmek ýörelgeleriniň esasyny düzýän «Halkara ynanyşmak kodeksiniň» işlenip taýýarlanmagy ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň aralygyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, ýurdumyzyň sebitdäki parahatçylyk dörediji ornuny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar