Güýz paslynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň dabarasy ýaňlandy. Mälim bolşy ýaly, 1-nji sentýabr - Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze okuw ýylyna gadam basylýar. Gör, bu güne näçe ynsan sabyrsyzlyk bilen garaşýar?! Mugallymlar, okuwçylar, ak mekdebiň gapysyny kakan körpejeler, talyplar çünki, ilkinji basgançaklardan başlap, soňsuzlyga uzap gidýän ylmyň başky ädimleri, elbetde durmuşymyzyň täze sahypasy bolan bilim ojaklaryndan başlanýar.
Ir säher bilen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde giňden dabaraly, ruhubelentlik ýagdaýda Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda 8-nji orta mekdebi dabaraly ýagdaýda açyldy. Dabarada, ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet Senasy ýaňlandy. Ýagny, ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan, döwletimiz boýunça alnyp barylýan bilim syýasaty, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Aýgül MELÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk
etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.