WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de toplumyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde dokma toplumynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler öz çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde alynyp barylýan işler, şeýle hem görülýän taýýarlyk işleri barada belläp, her ýyl bu ajaýyp baýrama garaşmagyň özi-de uly buýsançdygyny, baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýandygyny, “Garaşsyzlyk biziň ata-babalarymyzyň arzuwlan bagty” diýen şygarlary okanyňda, göwün ganatyň goşalanýandygyny bellediler. Şeýle-de Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdygyny, 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Mundan başga-da geçen 34 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede düýpli özgerendigini, asmanymyzyň asudalygy, gündizlerimiziň we gijelerimiziň parahat geçýändigini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet – adam üçindir!” hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny uly buýsanç bilen öz çykyşlarynda aýdyp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Watanymyzda toýlanýan toý baýramlara gatnaşmaga, oňa kalbymyzdan çykýan ýürek arzuwlarymyzy beýan etmäge, işlemäge, döretmäge, gurmaga döredip berýän giň şertleri, mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Allanazar TÄÇMYRADOW,

Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly

adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 29 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 34 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI