ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY – ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi, şäheriň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy, we şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Türkmenbaşy şäheriniň 3-nji orta mekdebinde, ýurdumyzda her ýylda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, bu özgertmeleriň mazmunynyň okuwçy ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek bilen bir hatarda, olaryň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmeklerini gazanmagymyz ýaly uly wezipäniň durýandygyny nygtap, köçe-ýol hereketlerini berk berjaý etmegi, ýodalardan seresaply geçmegi düşündirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar we çykyş edenler, şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny we hoşallyklaryny beýan etdiler.

Maýagül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Oktýabr 2025 | 17 okalan

SAGDYNLYK – RUHY BAÝLYK

31 Oktýabr 2025 | 26 okalan

ÇAGA TERBIÝESI – BAGTYÝAR GELJEGIŇ NURY

30 Oktýabr 2025 | 20 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM