TÜRKMEN HALYSY

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dünýä tanadan milli gymmatlyklarynyň iň belentleriniň biri – türkmen halysydyr. Halynyň nagyşlarynda halkymyzyň taryhy, döredijilik zehini, durmuş ýörelgeleri we arzuwlary öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem türkmen halysy diňe bir bezeg üçin ulanylýan maddy gymmatlyk däl, eýsem halkyň ruhy baýlygynyň aýnasydyr.

Arheologik tapyndylara görä, halyçylyk senediniň taryhy müňýyllyklara uzaýar. Türkmenler ýaşan ýerlerinde dürli nagyşly halylary dokap, ony gündelik durmuşynda giňden ulanypdyrlar. Haly dokamak zenanlaryň diňe bir käri bolman, eýsem olaryň döredijilik zehininiň beýany hem bolupdyr.

Türkmen halylarynda köplenç gyzyl, gara, ýaşyl, ak, sary reňkler ulanylýar. Bu reňkler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny, ynançlaryny we dünýä garaýşyny alamatlandyrýar. Halylaryň  nagyşlarynda halkyň pähimleri, dessanlary, arzuwlary beýan edilýär.

Türkmen halysy milli gymmatlyk hökmünde halkymyzyň taryhyny, medeniýetini we dünýä garaýşyny görkezýär.

Türkmen halysy halkymyzyň ruhy we maddy baýlygynyň beýik nusgasydyr. Ol diňe bir geçmişden galan ýadygärlik däl, eýsem häzirki döwrüň hem ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen zenanlarynyň sabyr-takat bilen döreden bu ajaýyp sungaty dünýäniň dürli künjeklerinde halkymyzyň medeni baýlygynyň nyşany hökmünde tanalýar.

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 53 okalan

TÜRKMEN HALYSY

10 Sentýabr 2025 | 77 okalan

MIZEMEZ MILLI MIRASYMYZ