TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde uly ähmiýete eýe boldy. Bu ýylyň dowamynda döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygynda, syýasy-diplomatik gatnaşyklarynda we jemgyýetçilik durmuşynda birnäçe möhüm sepgitlere ýetildi.

Parahatçylykly we ynanyşykly ösüş — adamzadyň taryhynda iň ýokary gymmatlyklaryň biridir. Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesi, halkara başlangyçlary we giň halkara hyzmatdaşlygy bilen dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde tanalýar.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly wezipeleriň oňyn çözgütlerini tapmakda döwletimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň taryhynda hem-de halkara derejesinde möhüm waka boldy. Bu dereje Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugruna öwrülip, ähli döwletler bilen deňhukukly, parahatçylykly we ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berdi.

Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirýän döwlet hökmünde tanalýar. Döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä ýurtlarynyň arasynda giň goldawa, olaryň halkara syýasy giňişliginde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 41 okalan

ÝAŇLANSYN PARAHATLYK AÝDYMY

09 Sentýabr 2025 | 50 okalan

RÖWŞEN GELJEGE ÝETIRJEK AÝDYŇ ÝOL