Golaýda Türkmen döwlet maliýe institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher, Köpetdag etrap Geňeşleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutyny bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini ýaşlara wagyz etmek maksady bilen brifing duşuşygy geçirildi.
Çärä ýokarda ady agzalan edaralaryň hünärmenleri, ýaşlary gatnaşdylar. Çykyş edenler ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň giňişleýin mejlisinde döwlet ähmiýetli maslahatyň nobatdaky sanyna taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylýandygy hem-de häzirki döwürde bu maslahatyň döwlet bilen halkyň jebisligini, jemgyýetde maksatlaryň birdigini, ösüş ýollaryna bolan garaýyşlarynyň bitewüligini ýüze çykarýan esasy syýasy-jemgyýetçilik güýç hökmünde öz ornuny pugtalandyrýandygy barada buýsanç bilen bellediler.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyzy rowaçly menzillere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.