WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabat şäheriniň 136-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýetini düşündirip, ýörite niýetlenen ýerlerden geçmekligiň, herekete haçan başlamalydygyny görkezýän ýörite ýol yşyklaryna üns bermegiň, ýerasty, ýerüsti geçelgelerden peýdalanmagyň zerurlygy dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar türkmen ýaşlarynyň okamagy, öwrenmegi, bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanmagy ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Gülaýym AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 22 okalan

“BIZ OWAZ BILEN”

12 Sentýabr 2025 | 31 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI