GARAŞSYZLYK BAGT GETIRDI ILIME

Ýakynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Kejebe» toý mekanynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň bilelikde guramagynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk bagt getirdi ilime» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Bu dabara etrabyň çäginde zähmet çekýän ýaş hünärmenler, bilim işgärleri we myhmanlar gatnaşdylar. Geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynda ýaşlar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edip, onda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň Türkmenistan döwletimizde uly şatlyga beslenip geçirilendigini bellediler, şeýle-de dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdymlarda Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy beýan edýän hem-de Watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlara aýratyn orun berildi.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

19 Sentýabr 2025 | 18 okalan

ÝURDUMYZ PARAHAT – ILLERIMIZ ABADAN

19 Sentýabr 2025 | 21 okalan

HALK MASLAHATY – HALKYŇ BÄHBIDI

19 Sentýabr 2025 | 18 okalan

BILIMLI ÝAŞLAR – BEÝIK WE ŞÖHRATLY GELJEK