Medeni miras — halklaryň taryhy tejribesini, döredijiligini, ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän umumadamzat hazynasydyr. Ol diňe bir geçmişiň nyşany bolman, eýsem häzirki döwrüň ösüşine, parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýän beýik güýçdir. Medeni miras halklaryň arasynda özara hormaty, düşünişmegi we ynanyşmagy ösdürýän ruhy köprüdir.
Ýurdumyzda medeni mirasy goramak, ösdürmek we ony dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek boýunça giň möçberli işleri alyp barýar. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý taryhy we ruhy mirasy diňe bir milli gymmatlyk bolman, eýsem bütin adamzadyň medeni baýlygynyň bir bölegi hökmünde tanalýar.
Ýurdumyzyň gadymy şäherleri — Köneürgenç, Merw, Nusaý ýaly taryhy ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Dünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilip, olaryň halkara derejesinde ähmiýeti ykrar edildi. Şeýle hem türkmen halyçylyk sungaty, bagşyçylyk däbi, Görogly dessany, Nowruz baýramy ýaly maddy däl medeni gymmatlyklar hem ÝUNESKO-nyň sanawynda ýerleşýär.
Bu üstünlikler diňe bir milli baýlygymyzy tanatmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä halklarynyň arasynda dostluk, parahatçylyk we ruhy jebisligi pugtalandyrmaga hem hyzmat edýär. Türkmen medeniýeti beýleki ýurtlaryň halklary bilen özara gatnaşyklary ösdürmegiň, dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm guralyna öwrülýär. Dünýäniň her bir halky özüniň milli medeni mirasy bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna goşant goşýar. Şol miraslaryň her biri aýratyn, emma olaryň jemi adamzadyň umumy gymmatlyklaryny emele getirýär.
Medeni miras özboluşly diller, sazlar, el işleri, binagärlik, halk döredijiligi arkaly dürli ýurtlaryň halklaryny birleşdirýär. Halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek — parahatçylykly jemgyýeti gurmagyň iň netijeli ýoly bolup durýar.
Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygy.












