Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat we Türkmenabat şäher Geňeşleriniň hem-de Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli muzeýiň mejlisler jaýynda «Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, ýaş hünärmenler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler köpasyrlyk taryhy döwrüň dowamynda halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen alabaýlar hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Bellenilişine görä, türkmeniň alabaýy örän giň ýaýran tohum bolup, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda üýtgewsiz saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň çäginde, ýagny Goňurdepede we Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gulagy, guýrugy kesilip gysgaldylan güýçli alabaýlaryň heýkelleri munuň şeýle bolandygyna şaýatlyk edýär.
Maslahatyň ahyrynda muzeýe guralan gezelenç bolsa has hem täsirli boldy.
Aýjahan MOLLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.












