Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan sport» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVII jiltiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň many-mazmunyny we onuň möhüm ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «Sport – üstünligiň menzili» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Onuň dowamynda «Türkmenistan sport» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Selbi Çaryýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Baýramalyýewa, Aşgabat şäheriniň 13-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany Ogulnur Tekäýewa çykyş etdiler. Olar öz gezeginde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriniň aýratynlyklary, olary lukmançylyk ylmynda ulanyş tertip düzgünleri barada bellediler, şeýle hem saglygy goraýyşda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna 30 ýylyň dolmagy, şol ýyllaryň dowamynda Türkmenistan döwletimizde gurlup ulanylmaga berilen hem-de düýbi tutulan desgalar barada giňişleýin beýan etdiler.
Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda halkymyzyň saglygy ugrunda, ylaýta-da ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.












