Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň we toplumyň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň bilelikde guramagynda toplumyň içinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy we okuw sapagy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyşlarda ýaş zehinleriň asuda abadan durmuşda ýaşamagy, işlemegi, yhlasly zähmet çekmekleri üçin edara-kärhanalarda, dokma pudaklarda ähli şertler döredilip dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar diýip belläp geçdiler. Mundan başga-da çykyşlarda toplumyň içinde döräp biläýjek ýangyn hadysalaryň öňüni almak bilen bagly birnäçe okuw sapaklary, wagyz-nesihat duşuşygy bu çärä aýratyn öwüşgin berdi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň we okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, asuda, abadan, parahat ýurdumyzda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülälek TEJENGELDIÝEWA,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.












