BERKARAR DÖWLETIŇ GÜÝJI – ÝAŞLAR

Ýakynda, Kerki etrap häkimliginiň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli etrabyň edara guramalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Berkarar döwletiň güýji – ýaşlar» atly duşuşyk geçirildi.

Onuň dowamynda döwletli zamanamyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, ynsanperwer we ruhubelent bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi hakynda çykyşlar edildi. Şeýle-de çäräniň dowamynda ilkinji Ýaşlar guramalarynyň öňdebaryjy işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Duşuşygyň soňunda oňa gatnaşanlar, şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, halal zähmet çekmäge uly şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 37 okalan

BITARAPLYK – BAKY BAGTYMYZ

20 Noýabr 2025 | 25 okalan

BERKARAR DÖWLETIŇ GÜÝJI – ÝAŞLAR

19 Noýabr 2025 | 45 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI