HALKYŇ ÝÜREGINDE ADY BAR

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynyň okalgasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň doglan güniniň 110 ýyllygyna bagyşlanyp “Halkyň ýüreginde ady bar” atly aýdym-sazly edebi agşamy geçirildi.

Çärede şahyryň il-ýurt, söýgi, gözel tebigat hakyndaky ajaýyp şygyrlary, şeýle hem, “Aşgabat” atly ses ýazgyly şygry etrabyň merkezi kitaphananyň göreldeli okyjylarynda, “Gurbandurdy bagşy” adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynda uly täsir galdyrdy. Edebi agşamda etrabyň merkezi kitaphanasynyň işgärleriniň “Gözellik äleminiň aşygy” atly şahyryň kitaplaryndan düzülen kitap sergisine kitapnamaçylyk syn bermegi we şahyryň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi has-da täsirli boldy.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nurjemal SAPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 22 okalan

HALKYŇ ÝÜREGINDE ADY BAR

19 Noýabr 2025 | 25 okalan

BAG BITSE BAGTYÝARLYK BOLAR

19 Noýabr 2025 | 27 okalan

ÝAŞLAR – ATA-WATANYMYZYŇ GELJEGIDIR