«MERDANA NESIL - 2025» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ BAGTYÝARLYK ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Bagtyýarlyk etrap tapgyry geçirildi.

Kiçi ýaşly okuwçy oglanlaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmak, şeýle-de milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilen bäsleşigiň Bagtyýarlyk etrap tapgyrynda öz zehinlerini, başarjaňlyklaryny görkezdiler.

Gyzykly geçen bäsleşikde I orna Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Döwletmuhammet Ataýew, II orna Aşgabat şäheriniň 54-nji orta mekdebiniň      4-nji synp okuwçysy Omar Işangulyýew, III orna Aşgabat şäheriniň 124-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Döwletgeldi Döwrangeldiýew hem-de Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Söýenç Durdyýew mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan merdana nesillere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.