«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY» ATLY BIRAÝLYGA BAGYŞLANYLDY

     Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk tamamlanyp barýar. Il-gün bähbitli geçirilýän bu ählihalk çäresine welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Çünki, asylly däbe öwrülen bu ählihalk çäresiniň ilimiziň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynda ähmiýeti örän uludyr.

     Şeýle çäreleriň biri, golaýda Sakarçäge etrabynyň 33-nji orta mekdebinde geçirildi. «Ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý edeliň» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyny etrap bilim bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat  hem-de Sakarçäge etrap Geňeşleri bilelikde gurap, oňa ady agzalan mekdebiň mugallymlarydyr, okuwçy ýaşlary gatnaşdylar.

     «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanyp geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler  Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzyň şäherleridir, obalarynda ulag ýollarynyň gurulýandygy we ýol gözegçilik gullugynyň işiniň barha kämilleşdirilýändigi barada buýsanç bilen bellediler. Çykyşlarda köçe-ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny dogry berjaý etmeklik ündew edilip, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri dogrusynda täsirli gürrüňler diňlenildi. Ýollarymyzyň ak bolmagyna, maşgalalarymyzyň abadançylygyna gönükdirilen biraýlygyň juda uly möçberli çäredigi duşuşygyň dowamynda giňişleýin düşündirildi. Şeýle hem, halkymyz üçin bähbitli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Maýa AKMYRADOWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Indiki makala

GYZ EDEBI SANDYKDA

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2025 | 103 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 48 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI