ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANYLDY

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda baýramçylyk mynasybetli dabara geçirildi. Baýramaly şäher medeniýet öýünde geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda täsirli çykyşlara giň orun berildi.

      Hormatly ýaşulularymyzyň baýramy mynasybetli geçirilen dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşuly nesillerimizi mähir-alada bilen gurşap alýandyklary, ata Watanymyzda olara goýulýan sylag-sarpa hem-de belent hormat dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Golaýda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiň dowamynda il sylagly ýaşulularyň uly toparyna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy, mährem enelerimiziň birnäçesiniň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy baradaky joşgunly söhbetler bolsa, çykyşlaryň özenini düzdi. Dabaranyň dowamynda ýaşuly neslimiziň wekillerine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Soňra sahnada bagşy sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

      Dabaranyň ahyrynda ýaşulularyň sarpasyny hemişe belentde tutýan, türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

 

 

 

Batyr GURDOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2025 | 108 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 48 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI