GEZELENÇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 9 – 11-nji synplarynda okaýan göreldeli mekdep okuwçylarynyň arasynda halkymyzyň şöhratly taryhyna, dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan milli, medeni mirasymyza, mukaddes topragymyza, eziz Watanymyza beýik söýgini terbiýelemek maksady bilen, «Medeni miras – halkyň ruhy dünýäsi» atly şygar astynda gezelenç duşuşygy geçirildi. Çärä gatnaşan okuwçylar okuwlaryndan boş wagtlary kitaphanalarda kitap okap, okuw derslerine degişli bolan gerekli maglumatlary alyp okuwlaryna taýýarlanýandyklary barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň olaryň ýankitabyna öwrülendigi hakynda uly buýsanç bilen bellediler. Gezelenç duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşan mekdep okuwçylary okamaga, döretmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga hem-de özlerine döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Laçyn ANNAORAZOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medenýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 136 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 92 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI