TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Balkan welaýat Kitaphanasynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty – ýurdumyzyň döwrüň talabyna görä günsaýyn özgerip, barha kämilleşýän milli demokratiýasynyň özboluşly bir täsin nusgasydyr» atly şygar bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, milli demokratik ýörelgelerimizi, abadan we bagtyýar durmuşy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda söhbet edildi. Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

 

Hakmyrat KIŞJIKOW,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet

konserniniň şahamçasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 59 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT