DOST-DOGANLYK TAGLYMATY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň Magtymguly Pyragy muzeýinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň we IÝG-niň işjeň agzalarynyň arasynda «tegelek stolyň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek we dost-doganlyk gatnaşygynyň barha pugtalanýandygyny aýdyň açyp görkezmek duşuşygyň baş maksady boldy.

     Bu duşuşykda çykyş eden ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, jemgyýetiň agzybirligini berkitmek ugrunda alyp barýan içeri we daşary syýasaty barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetli duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlar, eşretli durmuşda ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Bägül BOÝALYÝEWA

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Magtymguly

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 47 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 44 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 38 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY