SAGDYN DURMUŞYŇ GÖZBAŞY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, Esenguly etrap bedenterbiýe sport bölümi bilen bilelikde gurnamagynda sport mekdebine gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda «Sagdyn nesil – kuwwatly Watan» atly şygar bilen sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

     Ýaş türgenlerden düzülen toparyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşik diýseň çekeleşikli ýagdaýda geçip, olaryň ukyp-başarnyklaryny görkezdi. Türgenler stoluň üstünde tennisi ikileme görnüşinde hem bäsleşdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaş türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Abat MÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 35 okalan

GYZYKLY BRIFING GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 36 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

20 Awgust 2025 | 26 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY