ÝAŞ TÜRGENLER – WATANYMYZYŇ BUÝSANJY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan ýaşlarda sporta bolan höwesini döretmek maksady bilen, «Ýaş türgenler – Watanymyzyň buýsanjy» atly şygar bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça Magtymguly etrabynyň 1-2-3-13-nji we 19-njy orta mekdepleriniň okuwçy oglanlaryň arasynda etrabynyň sport mekdebinde bäsleşik geçirildi.

     Dürli ýaşdaky sport ussatlaryny, höwesjeňleri, tälimçileri we türgenleri bir ýere jemlän bu köpçülikleýin woleýbol bäsleşiginde görkezme çykyşlaryna giň orun berildi. Şol bäsleşikde sportuň adama sagdynlyk hem ruhubelentlik bagyşlaýandygy, öz güýjüňe hem başarnygyňa ynamy artdyrýandygy, umuman, sporty hemra edinmekligiň durmuşyňy gözelleşdirýändigi mese-mälim duýulýar.

     Bäsleşikde 19-njy orta mekdebiniň okuwçylary 1-nji orna, 1-nji orta mekdebiniň okuwçylary 2-nji orna, 2-nji orta mekdebiniň okuwçylary 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan toparlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Gurmasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

 

Serdar MYRADOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 58 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT