Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek hem-de 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek maksady bilen Arkadag şäheriniň raýatlarynyň tekliplerini öwrenmek üçin «Döwletli işler rowaçlanýar» ady bilen maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen bu maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän döwletli işler we ýurdumyzda asylly däbe öwrülen her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelgeler barada buýsançly gürrüňler edildi. Olaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi, hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen Türkmenistan döwletimiz ösüşiň täze belentlikleri bilen dünýäde uly at-abraýa eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn başlangyçlar halkymyzyň nurana geljegini üpjün edýär.
Biziň ýurdumyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak hem asylly däbe öwrüldi. Döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp goýulýan şol atlar esasyndada döwletli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi, halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini alanyna 30 ýyl dolýar. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz ýurdumyz taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistan Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri bu gün ähli halkymyz we umumadamzat üçin diýseň buýsandyryjydyr.
Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Mekan AMANLYÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.