Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmengala etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda, ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Ata-baba pentleri kalplarynda ornaýan, alkyşlary joşgunly ýaşlary bar ilimiň» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň baş buhgalteri Merjen Atajanowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ata-babalarymyzdan galan döwletlilik ýörelgelerini, medeni mirasy geljekki nesile ýetirmekde ýaşlaryň öňünde durýan mukaddes jogapkärçilik dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň baý taryhyny, medeni-mirasyny öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Babajan MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy.












