Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlaryň biri milli medeniýetimizi, sungatymyzy, taryhy we tebigy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, ösdürmek, döwrebap kämilleşdirmek hem-de olary tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwürmekden ybaratdyr. Hut şonuň üçin hem soňky ýyllarda Milli Liderimiziň irginsiz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň köpsanly gymmatlyklary Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen guramasy bolan ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça degişli işler üstünlikli dowam edýär. Ýagny, 2021-nji ýylyň ahyryna «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi.
Şeýle hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we alabaýlaryň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen hödürnamany taýýarlamak we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şol bir wagtda, “Türkmen keçe sungatyny” ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky hödürnamany taýýarlamak ugrundaky tagallalar halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Keçe sungaty türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda aýratyn orun tutýar.
Türkmen zenanlarynyň başarjaň elleriniň ajaýyp sungaty bolan keçeler biziň ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Bu sungat halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň gadymy kökleriniň nyşanydyr. Keçe sungatynyň taryhy barada Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda has anyk we baý maglumatlar saklanýar.
1990-2000-nji ýyllarda belli rus alymy Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Goňurdepe ýadygärlikler toplumynda geçirilen gazuw agtaryş işleriniň netijesinde adam eliniň aýasyna barabar bolan kiçijik ak keçe bölegi tapyldy. Alym bu keçe böleginiň 4000 ýyllap ýeriň astynda saklanyp galandygy barada öz pikirini öňe sürdi.
Galyberse-de, Altaýdaky Pazyryk depesinden keçe bölekleriniň tapylmagy, 1957-1963-nji ýyllarda Russiýa Federasiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Mikluho Maklaý adyndaky Etnografiýa instituty tarapyndan geçirilen ylmy ekspedisiýa netijesinde Amyderýanyň orta akymynyň boýunda ýaşaýan türkmenleriň durmuşynda orun eýelän keçeçilik sungaty baradaky maglumatlaryň ýüze çykarylmagy keçe önümleriniň taryhynyň alyslara uzandygynyň ylmy subutnamasydyr.
Keçeçilik sungaty we onyň taryhy, il içinde bu medeni mirasymyzyň eýeleýän orny barada Türkmenistanyň taryh we etnografiýa ulgamynda iş alyp barýan alymlarymyzyň hem ençeme ylmy işleriniň bardygyny bellemek gerek. Bu ugurdaky ilkinji ylmy makala 1964-nji ýylda etnograf alym A.N. Pirguliýewa tarapyndan ylmy-arheologiki maglumatlar esasynda ýazylýar. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Etnografiýa bölüminiň ylmy işgäri Annagül Babaýewa bolsa keçe sungatynyň taryhyna we etnografiýasyna bagyşlanan düşündiriş sözlügüni taýýarlady.
Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň ekerançylyk oazisleriniň töweregini maldarçylyk hojalygyny ösdürmäge amatly bolan giň çöller we ýarym çöller tutýar. Şu sebäbe görä, biziň ata-babalarymyz esasan hem ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ekerançylyk esasan hem oturymly ilatyň arasynda giňden ýaýrapdyr we olar ekin ekmek üçin oňaýly bolan bol suwly topraklarda mesgen tutupdyrlar.
Şol bir wagtda maldarçylyk has ýörgünli bolupdyr we olar mallaryny dok saklamak üçin bol otly ýaýlalary gözläp, göçüp-gonup ýaşamaga mejbur bolupdyrlar. Ilatyň esasy eklenji maldarçylykdan gelýän girdejilere bagly bolupdyr. Mallaryň diňe bir eti däl, eýsem derisi, ýüňi zaýalanmazdan tygşytly ýygnalyp, eýlenip, daralyp satuwa çykarylypdyr. Bu babatda has hem goýun we düýe ýüňleri ilata kän girdeji getiripdir. Şonuň üçin hem, halk goýnuň ýazlyk we güýzlük ýüňünden edilýän ýüň önümlerini taýýarlamak işlerine aýratyn üns beripdir.
Ilat köplenç çöllük, baýyrlyk, jülgelik ýerlerde mesgen tutup ýaşapdyrlar. Ylaýta-da, türkmen halkynyň arasynda «Altyn ýaýla» saýylan Garagum sährasy ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda ilaty gursagynda çoýup, ekläp saklap gelipdir. Ilat bu ýerlerde gara öýleri dikip onuň içini, daşyny bezemekde el keçelerini has giňden ulanypdyrlar. Bu hem öz gezeginde ilatyň arasynda keçe basmak, keçe önümlerini taýýarlamak sungatynyň giň ýaýramagyna we nesilden-nesle geçip ornaşmagyna sebäp bolupdyr.
Has irki döwürlerden bäri türkmen keçesi diňe bir haryt däl, eýsem halkyň gündelik durmuşynda peýdalanan iň möhüm öý goşy bolup hyzmat edipdir. Irki wagtlarda maşgalada çyglanan keçäni tomus paslynda sowujak saklamak maksady bilen süýt-gatyk saklanýan golçalaryň daşyna dolapdyrlar, gyş paslynda olar guryagyry, bilagyry, böwrek agyry kesellerini bejermekde hem giňden ulanylypdyr. Mundan başga-da aýagy ýyly saklamak üçin keçe bölejikleri aýakgaplaryň içine kesilip goýlupdyr.
Türkmen keçesiniň çöllük ýerlerde dikilen gara öýlerde, çatmalarda ýaşan ilaty, şol sanda çopan-çolugy üstüne abanýan dürli hili howplardan goramakda hem uly rol oýnandygyny bellemek gerek. Ýagny, keçe düşelen ýere ýylan, möý, içýan ýaly zäherli mör-möjekler gelenok, çünki, olar goýun sürüsiniň özlerini depelemeginden hem-de goýun derisiniň ysyndan gorkýarlar.
Şeýle hem türkmen halkynyň arasynda keçäniň ýaş çagalary, gelin-gyzlary göz degmekden goramak güýjüniň barlygyna ynanylyp gelinýär. Şonuň üçin hem olaryň boýnuna keçe böleklerinden taýýarlanan içi dogaly tumarlar, bagjyklar asylypdyr, owadan gülli bilezikler bolsa goşarlaryna dakylypdyr.
Elbetde, türkmen keçesi barada aýdanda, onuň ilkinji nobatda tebigy we ekologiýa taýdan tämiz hilli önümdigini ýatlaman geçip bolmaz. Mälim bolşy ýaly, keçäniň esasyny emele getirýän goýun ýüňüniň düzüminde lanolin (goýun ýagy) saklanýar. Ol köplenç «goýun mumy» diýlip hem atlandyrýarlar. Lanolin (Lana latyn dilinde ýüň, oleum hem ýag diýmekdir) esasan hem goýun ýüňüniň ýokary gyzgynlykdaky suwda gaýnadylmagy netijesinde alynýar. Onuň düzümindäki baý garyndylar adam bedeninde döreýän dürli hili sowuklama we ýokanç kesellere garşy göreşmäge ukyplydyr.
Halkyň gündelik durmuşynda giňden ulanylan we ruhy dünýäsine siňen keçelerimiz häzirki wagtda-da ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşamagyny dowam etdirýär. Biziň halkymyzyň arasynda oňa hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek milli sungat hökmünde garalýar.
Çynar RÜSTEMOWA,
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.