Hepdäniň duşenbe güni hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň ilkinji meseleleri ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hem-de paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň öňde duran wezipeleri boldy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda hasabat bermek üçin milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygy ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary bilen bilelikde Ahal welaýatynyň häkimini çagyrdy. Häkim welaýatda ekiş möwsümini üstünlikli geçirmäge, bugdaýa ösüş suwuny tutmaga, maýsalary mineral dökünleri bilen iýmitlendirmäge gönükdirilen çäreler barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, welaýatda gowaça ekişini wagtynda geçirmek üçin agrotehniki çäreleriň depginini güýçlendirmek, gök-bakja ekinlerini, ýeralmany we ir-iýmişleri köpräk ekmek, obalarda miweli baglary ekmäge häzirden gowy taýýarlyk görmek barada görkezme berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi daýhanlary dökün, suw we tohum bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem oba hojalyk ekinlerini ekmegiň meýilnamalary barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz ylmy çemeleşmäniň esasynda hem-de türkmen halkynyň baý ekerançylyk tejribesini nazara almak bilen, welaýatda ekin dolanyşygyny kämilleşdirmek, gök we bakja önümleriniň, miweleriň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak üçin günbatar sebitiň toprak-howa şertlerini netijeli peýdalanmagyň gerekdigini nygtady.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän maslahat Daşoguz welaýatynyň häkiminiň hasabatlary bilen dowam etdi. Ol 2019-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem welaýatda oba hojalykçylaryň dökün, suw we tohum bilen üpjün edilişi barada habar berdi. Milli Liderimiz gowaça ekişine taýýarlyk görmek boýunça ähli guramaçylyk we agrotehniki işleri takyk hasaplamalaryň we iş tertibiniň esasynda geçirmegi, täze gurlan obalarda baglary, aýratyn-da, miweli baglary ekmäge häzirden gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygy ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Lebap welaýatynyň häkiminiň hasabatyny diňläp, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylygy ösdürmäge öňdebaryjy ylmy usullary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz soňra guramaçylyk meselelerine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamy boýunça orunbasaryny diňledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän ulgamynda ýolbaşçylaryň alyp barýan işlerine jogapkärçiligini artdyrmagynyň möhümdigini belläp, bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra maslahat Mary welaýatynyň häkiminiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, ýerleri hem-de ekişde ulanyljak tehnikalary we enjamlary taýýarlamak boýunça işleriň ýerine ýetirilişi, şu ýyl oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň barşy barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak hemde suw üpjünçilik ulgamynyň tehniki derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, şol sanda obasenagat toplumyny hem-de döwlet dolandyryş edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň wezipeleri barada aýdyp, bu ugurda birnäçe işleriň amala aşyrylandygyny, şol sanda elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylandygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Aşgabady düzümleýin ösdürmek, şol sanda ýolulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we abadanlaşdyrmak, ýaşaýjylar hem-de şäheriň myhmanlary üçin has oňaýly şertleri döretmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy, iri ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.
Milli Liderimiz Aşgabadyň täze desgalarynyň, ýaşaýyş toplumlarynyň we edara binalarynyň, binagärlik toplumlarynyň paýtagtymyzyň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşmalydygyny, paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki ugurlarynda döwrebap, amatly we owadan şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny aýtdy we bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzda eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
24.01.2019ý.