ÜSTÜNLIKLER ÖSÜŞLERE BADALGA

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wata­ny» ýy­lyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bita­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de eýe­le­ýän or­nu­ny has-da ber­kit­mä­ge hem-de ra­ýat­la­ry­nyň bag­ty­ýar dur­muşy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len tä­ze üs­tün­lik­le­ri na­zar­la­ýar. Ge­çen 2018-nji ýyl­da ýur­du­myz­da mil­li we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri möç­ber­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy, köpugurly ykdysadyýeti ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mö­hüm Ka­rarlaryň we çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi gel­jek­ki sep­git­le­re üs­tün­lik­li ýe­til­jek­di­gi ba­rada­ky yna­my has-da güýç­len­dir­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen ýyl hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­satly baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­miz äh­li ugur­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­lere bes­len­di. Wa­ta­ny­my­zyň dö­re­diji­lik­li kuw­wa­ty­ny açyp gör­kez­ýän il-ýurt bäh­bit­li döw­let­li tu­tum­la­ryň ha­ta­ryn­da ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­rynyň, tä­ze me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň, önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­rynyň Di­ýa­ry­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­rynda gy­ra­deň açyl­ma­gy­ny, ylym-bi­lim, oba ho­ja­ly­gy, ulag we ara­gat­na­şyk, se­na­gat, sag­ly­gy go­ra­ýyş we sport ul­gam­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri gör­kez­mek bo­lar.

Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­lyk dö­redi­ji ýurt hem-de hal­ka­ra hyz­matdaş­ly­gy­nyň mö­hüm mer­ke­zi hökmün­dä­ki de­re­je­si­ni pug­ta­lan­dyr­dy. Adam­za­dyň öňün­de dur­ýan se­bit we äh­lu­mu­my me­se­le­le­riň çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ri­len Bi­ta­rap Türk­me­nis­tanyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­nuk­ly ösü­şe özü­niň de­ger­li ýar­da­my­ny ber­ýär. Türk­me­nis­tan dün­ýä döw­let­le­ri bilen ara­gat­na­şy­gy has-da iş­jeň­leş­dirýär, ne­ti­je­de, ýur­du­myz yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şa, se­bit­de howp­suz­ly­gy ke­pil­len­dir­ýän yla­laş­dy­ry­jy mer­keze öw­rül­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň energe­ti­ka, ulag, suw dip­lo­ma­ti­ýa­synyň ýo­ka­ry iş­jeň­li­ge eýe bol­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de bi­ziň ýur­du­myz bu çäkler­de de­giş­li ul­gam­la­ry dö­ret­mek we ola­ry işe gi­riz­mek üçin hyz­mat­daşly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra tagal­la­la­ra sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Bu aý­dy­lan­la­ryň tas­syk­na­ma­sy hök­münde, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­leşen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş Assamb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mas­la­ha­tyn­da eden çy­ky­şyn­da tu­tuş dün­ýä­de abadan­çy­ly­gyň we gül­läp ösü­şiň bäh­bidi­ne ky­bap gel­ýän ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len oňyn başlan­gyç­la­ry öňe sü­ren­di­gi­ni bel­le­mek bo­lar. Mil­li Li­de­ri­miz BMG-niň işjeň gat­naş­ma­gyn­da gep­le­şik­le­riň neti­je­sin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyşma­gy gu­ra­mak, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da sy­ýa­sy we yk­dysa­dy dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­rylma­gy, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek, se­bitde suw me­se­le­le­ri­ni çöz­mek we hyzmat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry we ola­ryň çözgü­di bo­ýun­ça eden anyk tek­lip­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň giň gol­dawy­na eýe bol­dy.

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz örän amat­ly çäk ýag­da­ýy­na eýe bo­lup, se­bit­de we yk­lym­da mö­hüm üs­taşyr-ulag mer­ke­zi hök­mün­de or­nu­ny ynam­ly pug­ta­lan­dyr­ma­gy bi­len bagly­lyk­da ulag ulgamynda iri möçberli tas­la­ma­lara beslendi. Ge­çen ýyl­da aw­tou­lag ýol­la­ry­nyň döw­re­bap­laş­dyryl­ma­gy, de­mir ýol­la­ryň gu­rul­ma­gy, ýur­du­my­zyň ho­wa we de­ňiz gat­nawla­ry­nyň işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi ba­batda iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­dy.

Ýur­du­myz­da ulag me­se­le­le­ri­ne bagyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän yzy­gi­der­li hal­ka­ra mas­la­hat­la­ry hem giň­den ýaý­baň­landy­ryl­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­menba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bi­len ut­ga­şyp maý aýyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len «Be­ýik Ýü­pek ýo­ly — ösüşiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap» di­ýen mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baýjan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gru­zi­ýa Res­publi­ka­sy­nyň, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň hem-de Ow­ganys­tan Ys­lam Res­publi­ka­sy­nyň ara­syn­da okt­ýabr aýyn­da bo­lan Üs­ta­şyr we ulag hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da yla­la­şy­ga («La­pis La­zu­li» ugry bo­ýun­ça yla­la­şyk) gat­na­şy­jy ýurtla­ryň ulag mi­nistr­le­ri­niň mas­la­ha­ty­ny we beý­le­ki bir­nä­çe hal­ka­ra de­re­je­li fo­rum­la­ry bel­läp geç­mek bo­lar. Bu mas­la­hat­lar söw­da-yk­dy­sa­dy we mede­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da­ky döw­leta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­galla­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ykdy­sa­dy­ýe­ti­niň hä­zir­ki za­man ösü­şiniň tap­gy­ryn­da se­na­gat pu­da­gy­ny döw­re­bap ös­dür­mek ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Döwlet se­na­gat sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy, önüm­çi­li­giň esasy pu­dak­la­ry bo­ýun­ça ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan se­na­gat taýdan ösen ýurt­la­ryň ha­ta­ryn­da my­nasyp orun tut­ýar. Di­ýa­ry­my­zyň se­na­gat sy­ýa­sa­ty gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ry çalt dep­gin­ler bi­len ös­dür­mä­ge, tä­ze kuw­wat­lyk­la­ry dö­ret­mä­ge, öň­ki kuwwat­lyk­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, maýa go­ýu­my we in­no­wa­sion iş­jeň­li­gi do­wam et­dir­mä­ge gö­nük­di­ril­ýär. Iri tas­la­ma­lar ýer­li çig mal­lar­dan dolu­ly­gy­na peý­da­la­ny­lyp, yk­dy­sa­dy­ýeti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň ze­rur­lyk­la­ryny ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga, önüm­çi­li­giň eks­port ba­ba­tda­ky kuw­wa­ty­ny artdyr­ma­ga do­ly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mizi di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga, dünýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­ma­ga, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­ny önüm­çi­li­ge iş­jeň or­naş­dyr­ma­ga äh­li amat­lyk­la­ry dö­red­ýär.

Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da sport ýa­ryşla­ry­ny ge­çir­mek, yn­san sag­ly­gy­ny gora­mak ba­bat­da hem mö­hüm ädim­ler ädil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­langy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­rama­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mej­li­si­niň 82-nji mas­la­ha­tyn­da 3-nji iýu­nyň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni diý­lip yg­lan edil­me­gi­dir. Bu ta­ry­hy wa­ka dün­ýä met­bu­ga­tyn­da gi­ňiş­le­ýin orun tap­dy. Şan­ly se­ne bi­len bag­lany­şyk­ly ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de giň möç­ber­li çä­re­ler, we­lo­si­ped­li ýöriş­ler ge­çi­ri­lip, oňa il­deş­le­ri­miz iş­jeň gat­naş­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­dumy­zy hal­ka­ra sport mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mek ba­ra­da­ky ta­gal­lala­ry uly üs­tün­lik­le­re, ro­waç­lyk­la­ra bes­len­di. Sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra awto­ral­li­si mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň aja­ýyp te­bi­gaty­ny us­sat tür­gen­le­re açyp gör­ke­zen bu ýa­ry­şa dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy topar­la­ry­nyň ýe­ňil we ýük aw­tou­lag­lary gat­naş­dy­ry­lyp, ola­ra meş­hur sü­rüji­ler erk et­di­ler. 5 tap­gyr­dan yba­rat bo­lan ýa­ryş­da türk­men tür­gen­le­ri baý­rak­ly 3-nji or­ny eýe­le­di­ler. Şeýle-de ýa­ňy-ýa­kyn­da Amul — Ha­zar aw­to­ral­li­si­niň gel­jek ýyl­da Hal­ka­ra aw­to­mo­bil fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ga­ra­magyn­da ge­çi­ril­ýän Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň dü­zü­mi­ne go­şu­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Türk­men ral­li­si bäş tap­gyr­dan ybarat bol­jak Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň 3-nji tap­gy­ry hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň sport ýurdy hök­mün­de dün­ýä­de ab­ra­ýy­nyň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar.

Şeý­le hem no­ýabr aýyn­da gö­zel paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­siniň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport toplu­myn­da ge­çi­ri­len Agyr at­le­ti­ka boýun­ça 84-nji dün­ýä çem­pio­na­ty hem dün­ýä­niň sport jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ünsü­ni özü­ne çek­di. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gu­ra­ma­gyn­da­ky çem­pio­na­ta 100-e golaý döw­let­den 600-den gow­rak tür­gen gat­naş­dy. Re­kord­la­ryň çem­pio­na­ty­na öw­rü­len ýa­ryş­da 72 sa­ny dün­ýä rekor­dy go­ýul­dy. Hä­zir­ki wagt­da gö­zel paý­tag­ty­myz iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­ýän mer­ke­zine öw­rül­di. Paý­tag­ty­myz­da gur­lan döw­re­bap sport top­lum­la­ry, kö­pugur­ly sta­dion­lar, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si, olar­da or­naş­dy­ry­lan sport en­jam­la­ry, dö­re­di­len oňaý­ly şert­ler mu­ňa do­ly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, sport pa­rahat­çy­ly­gyň, dost-do­gan­ly­gyň, hyz­matdaş­ly­gyň il­çi­si­dir.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da bi­ziň döw­le­ti­miz yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pudak­la­ryn­da tä­ze ösüş­le­re eýe bol­ýar. Wa­ta­ny­myz­da bo­lup geç­ýän ta­ry­hy wa­ka­lar il­deş­le­ri­mi­zi dö­ret­mä­ge, gurma­ga, tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruhlan­dyr­ýar. Bu gün Türk­me­nis­tan döwle­ti­mi­ziň yn­san­per­wer içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da bü­tin dün­ýä­de ab­ra­ýy be­len­de gal­ýar. «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hem ýur­du­myz ösüş­le­riň ýo­lun­dan tä­ze üstün­lik­le­re sa­ry ga­dam bas­ýar.

“Nesil” gazeti,

02.02.2019ý.