DURMUŞ-YKDYSADY TAÝDAN ÖSÜŞLER WE ÖZGERIŞLER

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

Ilki bilen hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygyny tamamlamak hakyndaky hem-de Balkan we Mary welaýatlaryndaky guşçulyk toplumlaryny hususylaşdyrmak hakyndaky kararlaryň taslamalary hödürlenildi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdu­my­zy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, netijeli çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtap, daşary ýurt hem-de öz maýa serişdelerimizi çekmek üçin amatly maýa goýum, hukuk, maliýe we beýleki şertleri döretmek ýaly ugurlarda işlemegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem ýurdumyzda iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän döwrebap kärhanalaryň döredilmegini höweslendirmegiň zerurdygy bellenildi.

Soňra milli Liderimize Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçiriljek Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň ýedinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hem döwlet Baştutanymyza hasabat berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda güýzlük bugdaýa ideg etmek, agrotehniki kadalara laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlaryň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky gowaça, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekişine taýýarlyk görülýär, ýerleri tekizlemek, gowaça tohumlaryny arassalamak, zerur bolan ýerlerde ýuwuş we tagt suwlaryny tutmak işleri dowam etdirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde 2019-njy ýylda paýtagtymyzda we onuň töwereginde, welaýatlaryň çäklerinde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahaly ekiler.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, onuň many-mazmunyny hemmetaraplaýyn baýlaşdyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigini aýdyp, bu ulgamda dünýä derejesindäki üstünlikleri gazanmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýakyn geljek üçin meýilnamalarda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelip gowşan baý medeni mirasyny, döredijiligini we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wasp edýän kämil eserleriň döredilmegini göz öňünde tutmagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda häzirki zaman ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýyş pudagynyň işini kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport hereketini işjeňleşdirmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek çäreleriniň oňyn netije berýändigini aýtdy hem-de bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etmegi degişli ýolbaşça tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

* * *

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinden soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýerler G.Myradowyň we E.Orazgeldiýewiň, şeýle hem obasenagat toplumynyň täze düzümleriniň ýol­baş­çy­la­ry­nyň — oba ho­jalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda ýurdu­my­zy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň öý haýwanlaryna hemişe üns-alada bilen garandygyny belläp, ýöriteleşdirilen merkezi weterinariýa hassahanasynyň işini guramak we ony döwlet gözegçiliginde saklamak baradaky teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümde asylly işe goşant goşmaga isleg bildirýän telekeçiler, giň jemgyýetçilik wekilleri, şol sanda bu ugra degişli meýletin ýar­dam­çy­lar — jan­dar­la­ry goraýjylar üçin zerur mümkinçilikler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ýaş nesli ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde örän uly ruhy-ahlak ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşanlaryň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli we öz möhletinde ýerine ýetirmegi tabşyryp, olar bilen hoşlaşdy.

“Nesil” gazeti,

19.02.2019ý.