Ylymly ýaşlar – kämilligiň ýolunda.

Belentden belent sepgitleri nazarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, onuň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň, şeýle hem şahsy kämilliginiň doly açylmagy üçin amatly gurşawy döretmegiň aýratyn möhümdigi bellenilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Ylymlar güni mynasybetli «Ylymly ýaşlar – berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigini, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda Ylmy işleriň bäsleşigini ýylyň-ýylyna yglan edýär. Döredilýän şeýle mümkinçiliklerden ruhlanýan ýaşlaryň biri Sylap Sylapow bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

Sylap sözümiziň başynda sizi gazanýan üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Size berjek ilkinji sowalymyz sizi ylmy döredijilik bilen meşgullanmaga iteren zatlar dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

Men orta mekdebiň ýokary synplarynda himiýa dersi bilen doly meşgullanyp başladym. Ýaltanman himiýa mugallymymyz bilen dürli taslamalaryň üstünde tejribe işlerini geçirerdik. Himiki elementlere bolan gyzyklanmam wagtyň geçmegi bilen has hem güýjäp, özboluşly açyş etmeklige bolan höwesim örboýuna galdy. Siziň hem bilşiňiz ýaly, türkmen topragynda bihal ösümlik ýok, muňa hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik işine ser salanymyzda hem göz ýetirýäris. Bu eseriň taýsyz ähmiýetleriniň biri hem, ondaky maglumatlaryň täze ylmy gözleglere çeşme bolup durýanlygydyr. Şol çeşme meniň hem ylmy gözleglerimiň gönezligine öwrüldi.

«Yhlasa – myrat» diýlişi ýaly, yhlas bilen çekilen zähmet özüniň miwesini hem berýär. «Agaç – ösümlik galyndylaryndan arassalaýjy serişdesini almagyň usuly» atly ylmy işi taýýarlaýşyňyz we onuň adam durmuşyndaky ähmiýeti barada gürrüň beräýseňiz.

Men şu ýerde, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän türkmen pagtasy dogrusynda durup geçmek isleýän. Pagta meýdany hasyldan arassalanyndan soň galýan gowaça çöpleri ilata paýlanyp tamdyr odun edilýär. Meýdanda galanlary bolsa, şol durşuna sürülip toprak bilen garylyp goýberilýär. Seredip otursam onuň gadymdan gelýän üýtgeşik bir syry bar eken. Ony men enemden eşitdim. Onuň esasynda hem, himiýa mugallymyň ýolbaşçylygynda gowaçanyň külinden arassalaýjy serişdesini alyp boljakdygyna göz ýetirdim. Ýerli mümkinçilikler bilen, ýuwujy serişdesiniň bakteriýalary ýok edijilik güýjüni artdyrmagyň üstünde gije-gündiz işledim. Ukusyz geçirilen gijeler öz miwesinem berdi. Netije-de, alynan serişde adam saglygyna we daşky gurşawa zyýansyzlygy bilen tapawutlandy. Men bu barlaglary tapgyrma tapgyr geçirip alnan maglumatlary jemläp, dürli derejedäki bäsleşiklere gatnaşyp ýeňiji boldum.

Bilşimiz ýaly, Häzirki wagtda Türkmenistanda, şeýle-de daşary ýurt döwletlerinde – agaç we ösümlik galyndylary (AÖG) diýen düşünjesi has giňden ýaýraýar. AÖG diýip agaçlaryň we ösümlikleriň ýaşaýyş işjeňliginiň netijesinde ýapraklaryň, baldaklaryň, şahalaryň, agajyň sütüniniň düzüminde emele gelen köp görnüşli organiki maddalara aýdylýar. Agaç-ösümlik çig mal galyndylaryna ikilenji material resurslar hökmünde seredilýär. Gündelik durmuşda öý, mekdep, iş ýerlerde ulanylýan arassalaýjy serişdelerimiz kislota we nebit önümlerinden taýýarlanan organiki eredijiler has güýçli häsiýete eýe bolsa-da, olar gündelik arassaçylyk işlerinde hemişe ulanylmaýarlar. Sebäbi, olar adam saglygyna we daşky gurşawa zyýanlylygy bilen tanalýarlar. Hat-da bu ýagdaý birnäçe ylmy we resmi guramalar tarapyndan tassyklanandyr.

Şu ylmy işde gowaçanyň çöpüni hem-de buýan köküniň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň netijesinde kafel, keramika, rezin we berk metallardan durýan zeminleriň ýüzündäki kirleri, ýaglary aýyrmak üçin niýetlenen arassalaýjy serişdesini almagyň usuly işlenilip düzüldi. Derňewiň obýekti hökmünde gowaçanyň çöpi we buýanyň köküniň galyndylary ulanyldy.

Bilim ojagyňyz bolan Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ylmy gözlegleriňiziň ikinji tapgyryny alyp barypsyňyz şular dogrusynda hem gürrüň beräýseňiz.

Uniwersitetimiziň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalarynda geçiren ylmy işim iki tapgyrdan durýar. Birinji tapgyrda  gowaçanyň çöpi ýakyldy, alnan kül inçe dispers materiala çenli ownadyldy we  elendi. Külüň belli bir mukdary - gyzgyn suw bilen kesgitli gatnaşykda garyşdyryldy. Soňra ergin süzüldi  we  aşgar  häsiýetli  suwly ergin alyndy. Bu ergin arassalaýjy serişdäniň esasy bölegidir. 1-nji tapgyrda alnan nusgalaryň himiki düzümi öwrenildi. Onda külüň düzüminde ýokary mukdarda kalsiý we kaliý oksidleri saklanýandygy anyklanyldy. Alnan ergin bolsa sarymtyl-ak reňkli suwuklykdyr. Netijelerden görnüşi ýaly, kaliý we natriý ýaly aşgar metallarynyň oksidleriniň suwda eremeginde aşgar ergin emele gelýär. Bu ýagdaýlar arassalaýjy serişdäniň iň esasy aýratynlyklary bolup durýar.

Işiň ikinji tapgyrynda çig mal hökmünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministirliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buýan» oba-senagat toplumynda buýan köküniň şerbetini almak üçin ulanylýan buýan köküniň galyndysy peýdalanyldy. Ol ilki bilen 1 sagadyň  dowamynda guradyldy we owradyldy. Nusga 30% etanolyň suwly ergini bilen kesgitli gatnaşykda garyşdyrylyp ekstragirlendi. Soňra ekstrakt sowadyldy, süzüldi we bugardyldy. Netijede, buýan köküniň galyndysynyň ekstraktynyň gury galyndysy alyndy we  1-nji tapgyrda alnan suwly aşgar erginine goşulyp barlanyldy. Ergin çaýkalanda durnukly köpürjikli gatlak emele geldi. Köpürjigiň emele gelmegi ekstraktyň  düzüminde saponinleriň bardygyny  tassyklaýar. Saponinler köpürjüklediji häsiýete eýe bolup, arassalaýjy serişdesiniň arassalama ukybyny has hem ýokarlandyrýar. Alnan arassalaýjy serişdesi gündelik durmuşda öý, mekdep, iş ýerlerde kafelleri, keramikany we ş.m. arassalamak üçin synag edilip ulanyldy. Ol  gündelik  arassaçylyk  işlerinde  hemişe  ulanylmaga ýaramly boldy. Aýratyn hem bu serişdäniň zäherleýji häsiýeti ýok, ol uçujy we ýanyjy däl, biodargaýjylygy bolsa ýokary.

Saýlap alan ugruňyzda gazanan üstünlikleriňiz dogrusynda hem gürrüň berseňiz okyjylarymyz üçin has hem täsirli bolardy.

 Ýeri gelende bellesem birnäçe ýaryşlara gatnaşyp üstünlik gazanmak nesip etdi Malaýziýa döwletinde Halkara Ýaş oýlap tapyjylar atly geçirilen MIYIO ylmy-taslama bäsleşiginde hem-de UNIPO halkara bäsleşiklerinde, «Altyn asyryň altyn zehinleri» bäsleşiginiň etrap, şäher tapgyrlarynda, okuw dersleri boýunça halkara Internet bäsleşiklerinde ýeňiji boldum. Şeýle hem ýurdymyzda her ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Ylymlar güni mynasybetli geçirýän «Ylymly ýaşlar-berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginde «Himiki tehnologiýalar, innowasion materiallar we energetika» ugry boýunça gatnaşyp  baýrakly orna mynasyp boldum. Mundan başga hem, döredijilik bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.

 Sylap beren täsirli gürrüňleriňiz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Bizem size ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä nusgalyk derejä çykarmakda, Watanymyzyň abraýyna abraý goşmakda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Sag boluň. Guramaňyza çagyryp, ylmy oýlap tapyşym bilen içgin gyzyklanandygyňyz üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärlerine minnetdarlyk bildirýärin. Bize şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän, ylym bilen meşgullanmaga giň ýollary açýan eziz Arkadagymyza talyp ýüregimden sagbolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun. Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe üstünliklere beslensin.

 

Merjen NURMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

05 Noýabr 2021 | 20208 okalan

Ylymly ýaşlar – kämilligiň ýolunda.

24 Mart 2021 | 24851 okalan

Günbatary maýyl eden sungat