WATANYMYZYŇ WE HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNYŇ BÄHBIDINE

4-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýan­war — mart aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk çäreler kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyzyň türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini belledi. Munuň özi jemgyýetimizde asudalygyň, degişli tertip-düzgüniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli harby we hukuk goraýjy edaralarynda bolşy ýaly, bu düzümde hem ýokary derejeli gulluk we ýaşaýyş şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň dessin-gulluk işlerinde täzeçil usullaryň işjeň peýdalanylmagynyň wajypdygyny belledi. Düzümiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli guralmagy, şeýle hem ýollarda sürüjiler we pyýadalar üçin oňyn şertleriň döredilmegi, ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegi ýaly ugurlar möhüm orun eýeleýär. Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmelidigi baradaky meseläniň üstünde durup, şäher ýollarynda hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwlet tarapyndan kesgitlenen ýolagçy gatnatmak hyzmatlaryny amala aşyrýan ýöriteleşdirilen ulaglaryň hereket edýändigine garamazdan, şeýle hyzmata ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň bikanun hereket edýän ýagdaýlary ýüze çykýar.

Ýolagçy gatnatmak boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünini gödek bozup, ulag hadysalarynyň, heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýanlarynyň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda içeri işler ministriniň alyp barýan işlerine düýpli nägilelik bildirdi.

Goranyş häsiýetine eýe bolan we üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinadan gelip çykýan möhüm wezipelere ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Milli goşunymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen toplumlaýyn çäreleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi. Serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, taktiki okuw türgenleşiklerini guramak we esgerleri harby-watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek boýunça degişli çäreler geçirmek Goranmak ministrliginiň işiniň esasy ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de harby düzümlerde düzgün-tertibiň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Kanunçylygyň berk berjaý edilişini, adamlaryň we her bir raýatyň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem jemgyýetiň we döwletimiziň bähbitleriniň üpjün edilişi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu düzümiň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärli we ak ýürekden çemeleşmelidiklerini belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy döwletimiziň dostluk we doganlyk serhediniň eldegrilmesizdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu düzümiň öňde durýan wezipeleri Harby doktrinadan ugur almak bilen çözmelidigini aýdyp, Serhet goşunlarynyň şahsy düzüminiň söweşjeň taýýarlygyny hemişe ýokarlandyrmagy, esgerleriň netijeli gulluk etmegi we olaryň ýaşaýyş-durmuşy hem-de boş wagtlaryny göwnejaý geçirmegi üçin şertleri döretmek boýunça işleri kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýokary derejeli serhet gullugyny alyp barmakda serhet galalaryny iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmegiň ägirt uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, garamagyndaky bölümleriň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmek barada anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň, işgärleri içgin seçip almagyň zerurdygyny aýdyp, Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň halkara ähmiýetli maslahatlaryň we çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýändigini we ýurdumyza gelýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sanynyň artýandygyny nazarda tutup, Döwlet gümrük gullugynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra milli Liderimiz Döwlet migrasiýa gullugynyň ähli düzümleriniň işiniň Türkmenistana iş we tanyşlyk saparlary bilen gelýän daşary ýurtly raýatlaryň berk hasabyny üpjün etmäge gönükdirilmelidigini aýtdy. Ösen düzümiň döredilmegi netijesinde Aşgabat sebit we dünýä derejesindäki iri hem-de örän ähmiýetli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz bu edaranyň öňünde durýan wajyp wezipelere ünsi çekip, dürli ýurtlardan gelýän myhmanlaryň geçmek üçin migrasiýa çäreleri babatda halkara ülňülerine laýyk derejede hyzmatyň üpjün edilmegini aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň ýan­war — mart aýyn­da ýe­ri­ne ýe­tiren işleriniň netijelerini jemläp, türkmen halkynyň döredijilik durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça harby we hukuk goraýjy düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasy düzgünlerinden ugur almak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada hemişe alada etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki käbir meseleleriň birnäçesine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

06.04.2019ý.