1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatda ýurdumyzyň häzirki zaman gülläp ösüşlerini depginli dowam etdirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreleri amala aşyrmaga, şol sanda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna degişli meselelere garaldy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň sebitlerde gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler, galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlar berildi. Sanly wideoaragatnaşykda döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmegiň, aýratyn-da, häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan gowaça ekişini agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirmegiň möhümdigine, şonuň bilen bir hatarda oba hojalygynyň ýene-de bir jogapkärli möwsümi bolan galla oragyna çenli az wagtyň galandygy bilen baglylykda, degişli welaýatlaryň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine üns berdi. Bu babatda orak möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny degişli ulanyş ýagdaýynda saklamak, kombaýnlaryň, elewatorlaryň, awtoulag serişdeleriniň we ammarlaryň möwsüme doly taýýarlyk derejesini üpjün etmek möhüm wezipelerdir.
Türkmenistan döwletimizde oba hojalygynda ýetilen we gündelik gazanylýan üstünlikler toplumyň okgunly öňe ilerlemegini üpjün edýär. Munuň özi bolsa, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna itergi berýär. Oba hojalygynyň innowasion ösüşi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny, azyk bolçulygynyň döredilmegini, senagat pudaklarynyň çig mal bilen üpjün edilmegini şertlendirýär. Innowasion ösüş ýoly bilen batly gadam urýan döwletimiziň pudaklaýyn ylmy-önümçilik merkezlerinde geçirilýän tejribelerde ata-babalarymyzyň miras goýan milli daýhançylyk, maldarçylyk usullary döwrüň täzeçillikleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmegi bilen, bu ugurda döwlet wezipelerini durmuşa geçirmegiň hukuk esaslary berkidilýär. Oba hojalyk pudagyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan hukuk namalarynda ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýetişdirilen bol hasylyň goralmagyna gönükdirilen kadalar öz beýanyny tapýar. Däneli ekinleri öndürmegiň, taýýarlamagyň, saklamagyň we däne önümleriniň gaýtadan işlenilmeginiň hukuk esaslary kesgitlenýär. Oba hojalyk önümleriniň, çig malyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek we oba ilatly ýerlerini durnukly ösdürmek boýunça döwlet durmuş-ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny kesgitlemek ýaly ugurlar wezipe edilip goýulýar.
Milli Liderimiziň welaýatlaryň häkimlerine ýetip gelýän galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görülmelidigi, bu jogapkärli möwsüme daýhanlaryň we mehanizatorlaryň sazlaşykly işlemegi üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygy baradaky beren tabşyryklary ýurdumyzda bol hasylyň öndürilmegini, oba hojalyk toplumynyň täze üstünlikler gazanmagyny üpjün eder.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen bolan sanly wideoaragatnaşykda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet sapary, şonuň ýaly-da, GDA-nyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek barada durlup geçildi. Milli Liderimiziň ýöredýän «Açyk gapylar» ýörelgelerine eýerýän parasatly daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri bilen özara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Ýakynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzüminiň tassyklanylmagy özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň möhüm guralyny emele getirýär.
Öňde boljak Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň ýurdumyza döwlet saparynyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şol sanda türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan üç ugry — suw, ulag we energetika diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň saparyň maksatnamasynda göz öňünde tutulmagy Koreýa Respublikasynyň we biziň döwletimiziň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga pugta binýady döreder.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda şu ýyl GDA-da ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli ulgamlarda möhüm çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bilen baglylykda, «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini geçirmek hakyndaky», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakyndaky», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyny geçirmek hakyndaky» resminamalara gol çekdi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz biziň döwletimiziň Arkalaşygyň giňişliginde umumy bähbitlere kybap gelýän köptaraply hyzmatdaşlygy ýola goýmaga oňyn çemeleşmeleri görkezýändigini geçirilen maslahatda belläp geçdi. Ýokarda görkezilen resminamalaryň kabul edilmegi, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen Bitarap Türkmenistanyň dürli ugurlarda ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygynyň beýanydyr.
“Nesil” gazeti,
04.04.2019ý.