ÝURDUŇ DÖWREBAP ÖSÜŞLERI

Anna güni hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen wise-premýer, daşary işler ministrine söz berdi. Ol Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Ýaponiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdüril­me­gi­niň Azi­ýa — Ýu­waş um­many se­bi­ti­niň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde esasy ugur bolup durýandygyny nygtady.

Iki ýurduň halklarynyň baý medeniýeti we sungaty, özboluşly milli däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän bilelikdäki döredijilik çäreleriniň ähmiýetlidigini belledi hem-de bu işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet web-saýtynyň binýadynda «Iş üpjünçilik» sahypasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (СAREС) maksatnamasynyň «Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlyk ýurtlarynda demir ýol ulgamyny ösdürmek» sebitleýin tehniki kömek taslamasyna ýurdumyzyň goşulmagy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň maliýe toplumynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi we bu ugurda anyk işleriň geçirilmegini tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, nebitgaz toplumynyň çig mal binýadyny we önümçilik kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumyny köpugurly esasda ösdürmek, onuň düzümlerini täzeçil usulda döwrebaplaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň bellenen möhletde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gözegçilik edýän ministrliklerinde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, hususanda, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň jemagat hojalygy gulluklarynyň işini kämilleşdirmekde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan işleriň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz ilatymyzy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýokary ülňülere laýyk gelýän awtoulag ýollaryny, köprüleri we beýleki desgalary gurmak boýunça taslamalary amala aşyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda durmuşa geçirilýän işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna Senagat işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz köptaraplaýyn ösýän senagatyň, ýerli çig mal serişdelerini netijeli peýdalanyp, ylma esaslanýan önümçiligiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň esasy şertdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, senagat we kommunikasiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Senagat işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permana gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz aýdylan teklibi makullap, Okuw-tejribe merkeziniň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlaşdyrylmagyna, täzeçil, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň döredilmegine, elektron senagatynyň we senagatlaşdyrmagyň görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna, bazar gatnaşyklarynyň hem-de ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermelidigini belledi. Şu ugurlar bu merkeziň okuw maksatnamasynda öz beýanyny tapmalydyr diýip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary 7-nji aprelde geçiriljek Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan bedenterbiýe-sport hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçirilýän çäreleriň ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünliklerini görkezmelidigini, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge ýardam etmelidigini nygtady we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary baýramçylyk seneleri, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli aprel aýynda meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen döwletiniň giň halkara hyzmatdaşlygyny ugur edinýän syýasatynyň türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasyny dünýäde düýpli öwrenilmegine hem-de giňden wagyz edilmegine ýardam edýändigini, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dürli ýurtlaryň halklary bilen dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny belläp, göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri geljekde has-da ösdürmek maksady bilen, degişli çäreleriň geçirilmeginiň, bu işlere ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň çekilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary oba hojalyk pudagyny özgertmek hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek baradaky strategiýanyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Oba hojalyk önümçiligine sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmaga geljekde hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýakyn wagtlarda Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň hem-de Aşgabadyň täze iri şäheriniň gurluşygynyň başlanylmagy bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ünsüni çekdi we mejlisiň jemini jemledi.

“Nesil” gazeti,

02.04.2019ý.