TÜRKMENISTAN — SPORT DÖWLETI

28-nji martda hormatly Prezidentimiz «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşdy. Milli Liderimiz we ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan işewür Andalyp köçesi bilen Köpetdag şaýolunyň kesişýän ýerinde gurlan «Ýanardag» binasynyň ýanyna gelip, bu ýerden welosipedli Halkara ahalteke atçylyk toplumyna, soňra Olimpiýa şäherçesiniň welotrek toplumyna bardylar. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde ýokary netijeli sporty, şol sanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda aýdylanda, işewür milli Liderimiziň sportuň ekologiýa görnüşleriniň biri hasaplanylýan welosiped sportunyň wagyz edilmegine uly üns bermeginiň dünýä giňişliginde sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň artmagyna ýardam edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sportuň hem köpçülikleýin bedenterbiýäniň batly gadamlar bilen ösdürilmegine, ilatyň arasynda sagdyn ýaşaýşyň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmegine berilýän üns gün-günden güýçlenýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet tarapyndan jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende göterilmegi, ýaşlaryň döwrebap terbiýelenmegi ugrundaky işler has-da giň gerime eýe bolýar. Şu ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň berk binýatly ösen ulgamy döredilýär we sport dünýä derejesinde kämilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň özüniň işjeň durmuşy hem-de sportuň dürli ugurlarynda görelde görkezmegi ýurdumyzyň ýaşlaryna görelde bolup durýar.

Ýurdumyzda soňky ýyllarda welosiped sporty bilen meşgullanmak uly meşhurlyga eýe bolýar we ol köpçülikleýin häsiýetde ýaýbaňlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy görelde görkezmegi esasynda ýurdumyzda welosiped sportunyň tarapdarlarynyň sany barha artýar. Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri bolan welosiped sporty ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde, sazlaşykly ösen raýatlaryň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişler Türkmenistanda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, welosportuň goldanylmagyna, şeýle hem täze ekologik düşünjäniň kemala gelmegine nusgalyk goşant bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň holdingiň ýolbaşçysy bilen eden söhbetdeşliginiň barşynda özara gatnaşyklary alyp barmagyň welosiped sportuny toplumlaýyn ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döretmäge ýardam edýändigi bellenildi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda howa şertleri hemde döwrebap ýol-ulag düzümi bu ýerde tutuş ýylyň dowamynda belli türgenleriň gatnaşmagynda türgenleşik ýygnanyşyklaryny hem-de sportuň bu görnüşi boýunça halkara ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän häzirki zaman halkara ülüňlerine laýyk gelýän Welotrek sport binasynyň bolmagy hem iri halkara ýaryşlary geçirmek üçin zerur bolan düzümleriň bardygyny görkezýär.

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysynyň türgenleşik işini kämilleşdirmek, welosiped sportunyň türgenlerini we tälimçilerini taýýarlamak hem-de olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak hakynda tekliplerine garaldy. Bu babatda, aýratyn hem, ýurdumyzda kemala gelýän, ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülere kybap gelýän döwrebap köpugurly sport düzümi welosipedçi türgenleri taýýarlamak üçin Türkmenistanda ýörite Olimpiýa mekdebini açmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Ol ýerde halkara derejeli welosipedçi türgenleriň taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz görkezilen teklipleri makullap, bu ugurda birnäçe tabşyryklary berdi.

Welosiped sportunyň ähmiýetini wagyz etmäge gönükdirilen çäreleriň baý ýurdy hökmünde Türkmenistan dünýä bileleşiginiň öňünde degişli başlangyç bilen çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Netijede, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi häzirki halkara jemgyýetçiliginiň ösüş ugurlaryny ileri tutýan, durnukly ösüşiň maksatlaryny nazarlaýan ýurdumyzyň başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň, Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ugur boýunça döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ýokary abraýa eýediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen dürli çäreler geçirilýär. Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy we geçirilmegi sport boýunça milli ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda welosiped sporty barha rowaçlanyp, ol tutuş halkymyzyň saglygyny berkitmegiň, raýatlaryň işjeň dynç alşynyň, köpçülikleýin sport we bedenterbiýe hereketi bilen dowamly meşgullanmaklarynyň guralyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysynyň arasyndaky, däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilýändigini alamatlandyran, geçirilen duşuşyk we onda gazanylan ylalaşyklar ýokary netijeli sporty ösdürmäge, ussat türgenleri taýýarlamaga täze mümkinçilikleri döredýär.

“Nesil” gazeti,

30.03.2019ý.