26-njy martda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýerlerde oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Milli Liderimiz ilki bilen sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimini çagyrdy. Häkim gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýetip gelýän şanly seneler mynasybetli guralmagy göz öňünde tutulýan köpçülikleýin çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişini berk gözegçilikde saklamagy, daýhanlaryň zerur bolan ähli serişdeler bilen üpjün edilmegini hem-de işleriň bellenilen möhletlerde geçirilmegini häkimden talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işlerine ünsi çekip, olary möwsüme häzirden gowy taýýarlamagy üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz aprel aýynda Bütindünýä saglyk gününiň we Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaraly bellenip geçiljekdigini aýratyn belläp, köpçülikleýin dabaralary, sport we medeni çäreleri geçirmek babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, ýakynda welaýatda başlanan gowaça ekişiniň barşy, bugdaýa ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny möwsüme taýýarlamak boýunça guramaçylyk çäreleri hem-de öňde boljak şanly seneler mynasybetli guraljak çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň oba hojalyk möwsüminiň möhüm çäresidigini nygtap, ekişi bellenen möhletde, ýokary hilli we guramaçylykly geçirmegi, gymmatly tehniki ekiniň gögerişi alnandan soň, oňa ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri hem talabalaýyk guramagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz aprel aýynda bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň we Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ähmiýetini belläp, şolaryň dabaraly bellenip geçiljekdigine, şu mynasybetli welaýatda ýerleşýän atçylyk-sport toplumyny, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleriň geçiriljek ýerlerini degişli derejede taýýarlap, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze şäherçeleri döretmek, döwrebap ýaşaýyş-durmuş gurşawyny hem-de ekologiýa taýdan arassa ugurly önümçilikleri döretmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň başlanmagyna görülýän giň gerimli taýýarlyk we meýdanlarda alnyp barylýan beýleki işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda başlanýan gowaça ekişini, möwsümde oba hojalyk tehnikalarynyň, takyk iş tertibiniň esasynda mehanizatorlara bökdençsiz ýetirilmeli ýangyç-çalgy serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda aprel aýynda belleniljek baýramçylyklaryň gyzykly we baý mazmunly bolup, olaryň ruhubelent hem-de dabaraly ýagdaýda geçirilmegi, köpçülikleýin çäreleriň guralmagy barada degişli görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimini çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, gowaça ekişine guramaçylykly girişilendigi, barha ýokary depgine eýe bolýan gowaça ekişiniň görkezijileri, ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak barada tabşyryk berip, olary abatlamak bilen bagly meselelere häkimiň ünsüni çekdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme häzirden gowy taýýarlanmagyny berk gözegçilikde saklamak, şeýle hem Bütindünýä saglyk gününe we Türkmen bedewiniň milli baýramyna guramaçylykly taýýarlyk görmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
28.03.2019ý.