25-nji martda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşmak üçin, säher bilen Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýörite taýýarlanylan taslamalaryň tanyşdyrylyş çäresiniň geçirilýän ýerine geldi.
Milli Liderimiz tutuş şäher düzüminiň sazlaşykly ösdürilmegi, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň mundan beýläk-de özgerdilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny aýdyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan bina edilen kottej görnüşli jaýlary oňyn mysal hökmünde getirdi.
Ýaşaýyş-durmuş düzüminiň desgalarynyň hatarynda köpugurly hassahana, saglyk öýleri, söwda-dynç alyş merkezleri, sport mekdebi, stadion we sport toplumy, köp gatly awtoduralgalar bar. Şeýle hem bu ýerde «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalarynyň binalary gurlar.
Taslamalaryň birinji görnüşinde Aşgabat — Daşoguz ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň iki tarapyndan ýaýbaňlanjak şäherçäniň meýdany 620 gektara deň bolar. Toplumda 15-30 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 130-sy ýerleşdiriler. 16 müň 696 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynda ýokary durmuş ülňüleri üpjün edilip, olarda döwrebap ýaşaýyş we amatly dynç alyş üçin aňrybaş şertler dörediler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenilen taslamalar boýunça ikinji teklibi hem Aşgabat şäher häkimligi taýýarlady. Baş meýilnama gadymy döwürlerden bäri amaly-haşam sungaty gymmatlyklarynyň bezeginde peýdalanylýan däp bolan milli nagyşlaryň biriniň görnüşinde ýerine ýetirilipdir. 663 gektar meýdanda köp sanly durmuş maksatly desgalar — 134 sany köp gatly ýaşaýyş jaýy ýerleşdiriler, olar 18 müň 568 maşgala niýetlenendir. Şäherçäniň ilatynyň sany takmynan 112 müň adama deň bolar.
Ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň taýýarlan üçünji teklibinde Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýolundan gündogar tarapda ýaýbaňlanjak gurluşyklaryň umumy meýdany 720 gektara barabar bolar. Onda beýleki häzirki zaman binalary bilen bir hatarda 16 müň 884 maşgala niýetlenen ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 177-sini gurmak göz öňünde tutuldy. Olar 12, 15, 18, 22, 26, 30, 32, 34 we 35 gatly jaýlardyr. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we syn ediş diňiniň gurluşygy bu taslamanyň aýratynlygydyr. Şeýle hem taslamanyň bu görnüşinde şäher ýollarynyň, seýilgähleriň hem-de çüwdürimleriň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berler.
Täze şäherçäniň dördünji taslamasy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dürli düzüm görnüşlerinde hödürlenildi. Mysal üçin, «A» we «B» görnüşlerine laýyklykda, täze binalaryň umumy meýdany 520 gektara deň bolar, bu ýerde 15 gatdan 35-e çenli köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 102-sini gurmak meýilleşdirilýär, olar 8 müň 566 maşgala niýetlenendir. Şäherçäniň ilatynyň sany 51 müň adamdan geçýär.
Taslamanyň «Ç» görnüşi göl şekilinde ýerine ýetirilip, has giň möçberlidir. Şäherçäni 920 gektar meýdanda ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar, bu ýerde 15 müň 384 maşgala niýetlenen köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 168-si bina ediler hem-de ýokarda görkezilen köp sanly edara ediş we durmuş maksatly desgalar gurlar.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň taýýarlan taslamalary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz ähli desgalaryň göwnejaý ýerleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde şäher giňişliginiň durmuş gurşawyny guramagyň aňrybaş derejesiniň üpjün edilmeginiň baş ýörelge bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiz bu giň gerimli täze gurluşyklaryň taslamasyny taýýarlamak üçin ýurdumyzyň binagärleriniň, gurluşykçylarynyň, telekeçileriniň we talyp ýaşlarynyň arasynda döredijilik bäsleşiginiň geçirilmeginiň maksadalaýykdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz häzirki zaman şähergurluşyk taslamalaryny taýýarlamak we amala aşyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Ugurdaş edaralar, bu ulgamda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilendir, ähli mümkinçiliklere we şertlere eýedir, şol sebäpli hem bäsleşige diňe bir ussat binagärler däl-de, zehinli talyp ýaşlar hem gatnaşyp bilerler diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Bu bäsleşigiň ýeňijisi baýraga mynasyp bolar, onuň işläp taýýarlan taslamasy bolsa täze şäherçäniň esasyny düzer. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda kuwwatly döwletleri hem-de örän iri şäherleri döretdi. Köp sanly taryhy çeşmeler zehinli türkmen binagärleriniň bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan täsin binalary gurandyklaryna şaýatlyk edýär.
Bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikler, talyplara bolsa Watanymyzyň bähbidine hyzmat etmek ugrunda okuwda we döredijilikde täze sepgitlere ýetmegi arzuw edip, hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady.
“Nesil” gazeti,
28.03.2019ý.