Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda wajyp oba hojalyk möwsümi hasaplanylýan köpçülikleýin gowaça ekmek işine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde kesgitlän möhletlerine laýyklykda, 23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu möwsüme biraz gijiräk — 27-nji martda başlarlar.
Asylly däbe görä, ekiş möwsümine il içinde sylaglanylýan hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar Beýik Biribardan Watanymyza, halkymyza, milli Liderimize abadançylyk, gülläp ösüş dileg edip, «Bismilla» bilen topraga tohum taşladylar.
Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik, Watanymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Geçen ýyl «ak altyn» ussatlary Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak hasyl tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler.
Düýpli düzümleýin özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde obasenagat toplumynyň düşewüntliligi artýar. Şunda obasenagat toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna, ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň, bu ulgamdaky ylmyň hem-de seçgiçiligiň ösdürilmegine, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we kämil tehnikalaryň ornaşdyrylmagyna ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň görkezmesine laýyklykda, daýhanlaryň zähmetini höweslendirmek maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap, dänäniň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy, şeýle hem bu wajyp ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly hyzmatlaryň tölegi ýokarlandy.
Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanyldy. Şunlukda, 1 million 50 müň tonna «ak altyn» ýygnamak bellenildi. Şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonna, Balkan welaýatynda 5 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonna, Lebap welaýatynda 295 müň tonna, Mary welaýatynda bolsa 313 müň tonna pagta hasyly ýygnalar.
Mundan başga-da, 25 müň 567 gektar meýdana oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan oba hojalyk önümlerini öndüriji hususyýetçiler gowaça ekerler.
Gowaça ekişine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda giňden ekilýän orta süýümli gowaça tohumlary taýýarlanyldy. Şolaryň hatarynda tiz ýetişýändigi, ýokary hasyllylygy hem-de süýüminiň uzynlygy we arassalygy bilen tapawutlanýan «Ýolöten — 7», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 144», «Serdar», «C — 4727», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «C — 2606» ýaly görnüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, gowaçanyň «Ýolöten — 14» görnüşli inçe süýümli sorty Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.
Şu möwsümde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 500-e golaýy, ekiji agregatlaryň 2 müňe golaýy, kultiwatorlaryň, boronalaryň we ekişi bökdençsiz üpjün etmek üçin zerur oba hojalyk gurallarynyň 4 müň 500-den gowragy peýdalanylar.
Täze oba hojalyk möwsümine etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalaryň 375-si taýýarlanylýar.
Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan işi gije-gündizleýin esasda alyp barmak üçin tehnikalara hyzmat gullugy, mehanizatorlaryň, ekişe gatnaşýan beýleki hünärmenleriň netijeli işi we dynç alşy üçin ähli zerur şertler döredildi.
“Nesil” gazeti,
26.03.2019ý.