NURANA GELJEGE TARAP

20-nji martda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda özara hyzmatdaşlyk boýunça täze teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, ýurdumyzyň Ýaponiýa gidýän wekiliýetiniň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem döwletimiziň gündelik durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy we resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Iş maslahatynyň esasy meselesi döwle­ti­mi­ziň Azi­ýa — Ýu­waş um­ma­ny sebitinde ykdysadyýetimiziň köp pudaklarynda ysnyşykly gatnaşyk saklaýan ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine degişli boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ýurduň dürli edaralarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiriljek duşuşyklaryň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň, orta atyljak özara bähbitli teklipleriň anyklaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Saparyň maksatnamasynda Ahal welaýatynda gurlan benzin öndürjek gazhimiýa toplumynyň goýberiş-sazlaýyş işleriniň barşyny, şol sanda bu kärhananyň açylyş dabarasyny geçirmek boýunça guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň arasyndaky Çarçuwaly Ylalaşygyň esasynda bu toplumyň ikinji zawodynyň taslamasyny düzmegiň we doly taýýar edip gurmagyň meselelerine garalar.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 21-22-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň X halkara Gaz kongresine taýýarlyk görlüşi baradaky hasabatyny diňläp, bu ýöriteleşdirilen forumyň ýangyç-energetika toplumynda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.

Şol birwagtda, sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatynda Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy çykyş edip, Ýaponiýa boljak gulluk iş saparyna görülýän taýýarlygyň çäginde ýapon kompaniýalary bilen, ilkinji nobatda, ýokary hilli awtoulaglary getirmek babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy çykyş edip, «Türkmenistanyň Prezi­den­ti­niň 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyny» amala aşyrmak hem-de ýerli gatnawlaryň çäklerini giňeltmek barada milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, täze howa menzillerini gurmak hem-de bar bolan howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler dogrusynda hasabat berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy çagyryldy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Bugdaý we şaly ýygýan kombaýnlar hem-de sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi. Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, resminamany elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi.

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatynda çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersiteti bilen gol çekmegi göz öňünde tutulýan Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taslamasy barada, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, milli ýygyndy toparymyzy XXXII Tomusky olimpiýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlamak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nobatdaky tomusky olimpiýa oýunlaryna göwnejaý taýýarlyk görmegi, bu oýunlarda çykyş etjek toparlarymyzyň agzalarynyň lybaslarynyň ýerli howa şertlerine laýyk gelmegini üpjün etmek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini oňyn çözmegi ýerinde öwrenmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz maslahatyň dowamynda «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permana hem-de «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Buýruga gol çekip, şunuň bilen bagly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy. Gol çekilen resminamalar şolbada elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly iberildi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň we türkmen halkynyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

23.03.2019ý.